Beyik Türkmenler
— Ýaz, milletiň, il-ulusyň inen ýeri — güzer bolar, milletiň, il-ulusyň oňlan ýeri — ýurt bolar, milletiň, il-ulusyň arzylan zady — öwlüýä bolar! — diýdi. |
— Ýaz, milletiň oňlap, alnyna togap edip, aňyna, ýüregine ýazan zady keramatly bolar! — diýdi. |
— Anyk ýoly bar millet bagtlydyr. Milletiň bagty Watanyny, ýurduny batyrgaý gorap bilmegindedir. Milletiň bagty bu gün seniň eliňde. Sen türkmen milletiňe altyn ýaşaýşyň güzerini görkez, ol seniň taglymatyň bolar, ol seniň ýoluň bolar Saparmyrat! — diýdi. |
— Köňüller, ýürekler bir bolup başlar, |
— Allatagala türkmeniň dört gerçegine — Oguz han Türkmene, Gorkut ata, Görogla, Magtymgula pygamberlik ýüküni urdy. Bu gün Allatagalanyň ol ýüki seniň gerdeniňde. Ömrüňi türkmen milletini agzybir saklap, altyn ýaşaýyşda döwran sürmegine bagyş et, ýol görkez, oglum! — diýdiler. |
Men türkmeniň başynyň belent, agzynyň bir bolmagyny, altyn ruhda, altyn ýaşaýyşda ýaşamagyny isleýärin. Men siziň Jebislikde, Agzybirlikde, Abadançylykda, Ruhubelentlikde ýaşamagyňyzy isleýärin. Men Ruhnamany türkmen milletiniň ýetmeli menziline şamçyrag bolsun diýen ýagşy niýet bilen döretdim. Allatagalanyň beren demini bisarpa tutman, milletiň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin her bir türkmen bar gujur-gaýratyny, başarnygyny il-ýurduna bagyş etmelidir. Şonda ýetilmejek menzil, bitirilmejek asylly iş galmaz. |