Erkana Türkmen
Erkana Türkmen diıarynyň ilatynyň duşuşyk yeri

Beyik Türkmenler

Men geçmişime kän sapar nazar aýladym. Ruhnama kitabyny ýazmak hakda kän oýlandym. Her gezek Oguz han atamyň ruhy:

— Ýaz, milletiň, il-ulusyň inen ýeri — güzer bolar, milletiň, il-ulusyň oňlan ýeri — ýurt bolar, milletiň, il-ulusyň arzylan zady — öwlüýä bolar! — diýdi.

Gorkut atamyň ruhy:

— Ýaz, milletiň oňlap, alnyna togap edip, aňyna, ýüregine ýazan zady keramatly bolar!  — diýdi.

Görogly begiň ruhy:

— Anyk ýoly bar millet bagtlydyr. Milletiň bagty Watanyny, ýurduny batyrgaý gorap bilmegindedir. Milletiň bagty bu gün seniň eliňde. Sen türkmen milletiňe altyn ýaşaýşyň güzerini görkez, ol seniň taglymatyň bolar, ol seniň ýoluň bolar Saparmyrat!  — diýdi.

Magtymguly atamyzyň ruhy şeýle diýdi:

— Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar.
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň!

Kyblam atamyň, käbäm ejemiň ruhlary:

— Allatagala türkmeniň dört gerçegine — Oguz han Türkmene, Gorkut ata, Görogla, Magtymgula pygamberlik ýüküni urdy. Bu gün Allatagalanyň ol ýüki seniň gerdeniňde. Ömrüňi türkmen milletini agzybir saklap, altyn ýaşaýyşda döwran sürmegine bagyş et, ýol görkez, oglum! — diýdiler.

Her bir ynsan arzuw bilen ýaşaýar.

Men türkmeniň başynyň belent, agzynyň bir bolmagyny, altyn ruhda, altyn ýaşaýyşda ýaşamagyny isleýärin.

Men siziň Jebislikde, Agzybirlikde, Abadançylykda, Ruhubelentlikde ýaşamagyňyzy isleýärin.

Men Ruhnamany türkmen milletiniň ýetmeli menziline şamçyrag bolsun diýen ýagşy niýet bilen döretdim.

Allatagalanyň beren demini bisarpa tutman, milletiň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin her bir türkmen bar gujur-gaýratyny, başarnygyny il-ýurduna bagyş etmelidir. Şonda ýetilmejek menzil, bitirilmejek asylly iş galmaz.


Sayaç
Bu web sitesi ücretsiz olarak Bedava-Sitem.com ile oluşturulmuştur. Siz de kendi web sitenizi kurmak ister misiniz?
Ücretsiz kaydol