Erkana Türkmen
Erkana Türkmen diıarynyň ilatynyň duşuşyk yeri

Şygyrlar

Jygalybeg

Meniň bir bedew atym bar, seýisläp ber, Jygalybeg!
Meniň bir däli göwnüm bar, seýikläp ber, Jygalybeg!

Çardaglarym gandallydyr, Çandybilim-gamly ildir,

Batan bagtymyz oýanmaz, eger-eger, Jygalybeg!

Gara daga azym uran, dag ýigitler kanda galdy?
Pelek bilen döwüş guran, beg ýigitler gamda galdy.
Alp erenler şehit bolup, munda garyp bende galdy,

Düňle çöller dükge düşüp, iňňildeýär, Jygalybeg!

Döwletli baýlar basylyp, hupbat çekip, Sibir gitdi,
Şir ýigitler söweş kylyp, şehit bolup gabyr gitdi.
Ýetim ogluň gan aglaýyp, aram-karar-sabyr gitdi,
Ulus-illerim eňreşer, ýurt derbe-der, Jygalybeg!

Meniň bir bedew atym bar, seýisläp ber, Jygalybeg!
Meniň bir däli göwnüm bar, seýikläp ber, Jygalybeg!

Göroglynyň düýrme gyljyn, jyzaňy ber, Jygalybeg!
Başym goýup söweşer men, jygaňy ber, Jygalybeg!..



Sayaç Bu web sitesi ücretsiz olarak Bedava-Sitem.com ile oluşturulmuştur. Siz de kendi web sitenizi kurmak ister misiniz?
Ücretsiz kaydol