Erkana Türkmen
Erkana Türkmen diıarynyň ilatynyň duşuşyk yeri

Türkmensin!

Türkmensiň!

Ýör, göwnüm, diýara seýran eýläli
Gursagy arslanly-şirli türkmensiň!
Geldi garyp, gamgyn ýigdiň eýýamy,
Jelaleddin kibi ärli türkmensiň!

Saýlap-seçip müň ganatly bedewi,
Dagyna-düzüne sežde edeli,
Synlap dagda Daga dönen pederi —
Goýny üç ýüz altmyş pirli türkmensiň!

Gojalary Gorkut ýaly pähimdar,
Ejeleri Ýunus ýaly rehimdar,
Ýeke bolsaň «häh» diýeňde «mähim» bar
Agaýunus kibi hüýrli türkmensiň!

Ärden ärsiň, diňe merdan saýlagyn,
Şirden şirsiň, jeňe meýdan saýlagyn!
Gaýmagyň galňasyn, synman gaýnagyn,
Goýny Garagumly — gorly türkmensiň!

Taryh diýrler eždadyňa-hyşdyňa,
Ataňa-babaňa, kowum-puşduňa.
Atly girip zarply şalaň köşgüne,
Zeberdest gollary zorly türkmensiň!

Ýagşyzada kybap baý-u-begleri,
Mydam al-asmanda parlar tuglary,
Sözleri ýalkymly, kalby şuglaly
Ýüregi, gül ýüzi — nurly türkmensiň!

Düýp babaň Oguz han, Gorkut — halypaň,
Altmyş asyr taryhydyr — hakydaň.
Garagumuň — desterhanyň, hazynaň
Rysgal-bereketli, barly türkmensiň!

Saparmyrat Türkmenbaşy
 

Sayaç Bu web sitesi ücretsiz olarak Bedava-Sitem.com ile oluşturulmuştur. Siz de kendi web sitenizi kurmak ister misiniz?
Ücretsiz kaydol